Gusül (arap. غُسْل — ýuwunmak, gusul).
Dini manysy – «bedeniň hiç ýerinde iňňäň ujy ýaly ýer goýman ýuwunmak» diýmekdir. Muňa halk arasynda «boý tahareti» hem diýilýär.
- Gusülüň alnyşy:
- Bedendäki hapalary aýyrmaly (lak we ş.m suw geçirmeýän zatlary hem aýyrmaly).
- Synja almaly.
- Taharet almaly. (Muhammed pygamber 0.832 litr suw ulanypdyr).
- Bedeniňe ýokardan aşak üç gezek suw akydyp eliň bilen ýuwunmaly (awrat ýerler eliňi degirmeli däl). Bedende gury ýer galdyrmaly däl, saç, göbek, awrat ýere gowy suw barýanlygyna üns bermeli. (Muhammed pygamber 3.3 litr suw ulanypdyr).